Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen «Sanlylaşdyrma we emeli aň döwründe adam serişdeleri: Ösüş, mümkinçilikler we kynçylyklar» atly maslahatyna gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamyny ösdürmekde başlan özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek we onuň dünýä bilim giňişligine goşulyşmagydyr. Şu nukdaýnazardan, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmaga, bilelikdäki bilim başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge, şeýle hem döwrebap hünär başarnyklaryna eýe bolan halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine goşant goşmaga ukyply ýokary hünärli döwlet gullukçylaryny taýýarlamaga aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň ileri tutuýan ugurlaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň çäkerinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri 2026-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet synag merkeziniň ýolbaşylygynda Hankendi şäherinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlarynyň adam serişdelerini ösdürmek boýunça degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda  «Sanlylaşdyrma we emeli aň döwründe adam serişdeleri: Ösüş, mümkinçilikler we kynçylyklar» aty V maslahatyna gatnaşdylar.

Bu halkara çärä Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryndan döwlet dolandyryşy ulgamynyň ýolbaşçylary, IT hünärmenleri, şeýle hem sanlylaşdyrma we emeli aň ulgamy boýunça bilermenler  gatnaşdylar.  Forumyň çäklerinde bilermenler adam maýasyny kämilleşdirmek, dolandyryş ulgamyna sanlylaşdyrmany we emeli aňy ornaşdyrmak, döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak  meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu maslahat döwlet gullugyny ösdürmegiň häzirki zaman çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Maslahatyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet synag merkeziniň ýolbaşçysy Maleýke Abbaszade çykyş edip,  ýurtda amala aşyrylýan konstitusion  we institusional özgertmeleriň hyzmatdaşlyga we raýatlara gönükdirilen döwlet dolandyryşynyň täze pelsepesiniň emele gelendigini nygtady.  Mundan başga-da maslahatda ýurtda döwlet gullukçylarynyň sanly başarnyklaryny  ösdürmek maksady bilen, 100 müňden gowrak döwlet gullukçynyň emeli aň gurallary boýunça okuw geçendigi barada bellenip geçildi.

 


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy. © 2026 ähli hukuklar goralan.